Topragy barlamagyň 10 sany sada we ýeňil görnüşi

Elbetde, sagdyn we hasylly oba hojalyk ekinini ösdürmegiň syry gowy toprakdyr. Şeýle-de bolsa, siz topragyňyzyň oba hojalyk ekinini ösdürmek üçin öz düzüminde zerur bolan ähli zatlary saklaýandygyny nähili kesgitleýärsiňiz? Jogaby – topragy barlamakdyr.
Bu babatda iki sany usul bar.
Biri topragyň nusgalaryny almak bolup, beýlekisi topragyň barlaghanada barlanylmagydyr. Bu ýerde toprak üçin zerur bolan ýokumly maddalaryň we onuň kemçilikleriniň jikme-jik derňewi berilýär. Bu siziň üçin ähmiýetli maglumatdyr.
Şeýle-de, “Willamet jülgesiniň hili boýunça gollanmada ” topragy barlmagyňyz üçin ýörite ulgam beýan edilýär. Bu gollanma Oregon ştatynyň fermerleri we alymlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Bu görnüşleriň ählisi daş-töweregimizdäki elýeterli bolan zatlary ulanmaga ýol berýän usullary özünde jemleýärler.
Duýduryş: Diňe bir ýa-da iki toprak synagyna bil baglamaň.
Mysal: Çägesow toprak ýeňillik bilen işlenilýär. Emma, beýleki kemçilikler bilen birlikde, ondaky ýokumly maddalary mukdary azdyr. Has anyk maglumatlary almak üçin siz fermanyň dürli ýerinden topragyň nusgalaryny almaly. Has takyk we ygtybarly netijeleri almak üçin 10 sany topragyň barlagyny geçiriň.
Tutuş bir ýylyň dowamynda siz topragyň strukturasyny, onuň işlenilmäge ýerlikliligini hem-de ondaky ösümlik galyndylarynyň barlygyny anyklamak üçin barlaglary geçirip bilýärsiňiz. Has takyk maglumatlary almak maksady bilen siz ekin meýdanynyň dürli ýerlerini barlamaly. Sizde näçe maglumat köp bolsa şonça-da siziň topragy barlamakdan alan netijeleriňiz takyk we ygtybarly bolýar.
1. Topragyň strukturasy we işlenilmäge bolan ýerlikliligi gowumy?
Bu barlagy topragyň juda çyg we juda gury bolmaýan wagtynda geçiriň. Bu barlaglary geçirýän mahalyňyz topragyň soňky işlenilmeden geçen wagty hökmany suratda belläň. 15-dan 25 santimetera çenli çuňlukdaky çukury gazyň. Konserwa bankasy ululygyndaky ellenilmedik bölegi alyň we ony barmaklaryňyz bilen döwüň. Topragyň ýagdaýyny anyklaň. Ýagny, onuň düzüminiň keseklidigini, ýumşakdygyny ýa-da granulirlenendigini anyklamaly. Teoretiki taýdan, siziň topragyňyz dürli ölçegdäki keseklerden ybarat bolmaly. Bu kesekler özüniň suduryny ýeňil basyşyň astynda saklaýarlar. Eger-de, bu kesekler ýa-da topragy öwrenijileriň atlandyrmagy bilen – agregatlar kynlyk bilen döwülýän bolsalar onda bu topragyň gaty bolmagynyň alamatydyr.
Näme üçin topragyň strukturasy we onuň işlenilmäge bolan ýerlikliligi ähmiýetli?
Öýjükli giňişligi ýeterlik bolan we iri hem-de ownuk öýjükleri deň derejede paýlanylan toprak kislorod bilen doýgun bolup durýar. Şeýle topraklaryň suwy saklaýjylyk ukyplylygy we olaryň suwy geçirijiligi hem gowy bolýar. Şeýle-de, olar kökleriň ösmegi üçin amatly bolýarlar. Durnukly agregatlar dökülýän bölejikler sebäpli dykylmagyň öňüni almak arkaly topraklardaky öýjükli giňişligi saklaýarlar.
2. Toprak demrikdirilen gatlaklardan arassamy?
Bellik üçin simli baýdajyklary topragyň dürli ýerlerine dikligine ýerleşdiriň. Baýdajygyň siminiň egrilýän ýerindäki çuňlugy belläň. Simiň tiz egrilmegi topragyň gatlagynyň demrikdirilendigini aňladýar. Teoretiki taýdan, topragyň işlenilýän çuňlugy bir futdan we ondan ýokary bolanda has amatly bolýar.
Näme üçin demrikdirilenlik ähmiýetli?
Demrikdirilen gatlakly toprak kökleriň ösmegine we suwuň geçmegine päsgelçilik döredýär. Şeýle-de, ol ýer gurçuklarynyň we beýleki ýaşaýyş faunasynyň erkin hereketine böwet bolup durýar.
3. Topragyň aňsatlyk bilen işlenilmegi?
Megerem, ekin meýdanynyň ekişe soňky taýýarlanylyşynda siz eýýäm topragyňyzyň işlenilmegini öwrenensiňiz. Eger-de, topragyň işlenilmeginde we gazylmagynda kesekler we ýa-da tabak görnüşli üýşmekler ýüze çykýan bolsa onda bu onuň işlenilmeginiň juda pesdigini aňladýar. Fermerler işlenilmegi traktoryň ýangyjynyň sarp edilişine gözegçilik etmek bilen barlaýarlar. Siz joýalaryň taýýarlanylmagy üçin zerur bolan geçirilmeli işleriň göwrümini anyklap bilýärsiňiz.
Näme üçin işlenilmek ähmiýetli?
Joýalaryň aňsatlyk bilen taýýarlanylmagy topragyň işlenilmegini we onuň ýagdaýyny görkezýär. Gowy işlenilme topragyň suwy geçirijiliginiň we onuň strukturasynyň gowudygyny aňladýar.
4. Toprak diri organizmlerden dolumy?
Topragyň diri organizmler bilen dolulygyny kesgitlemek üçin iň azyndan 6 dýuým çuňlukdaky çukury gazmak zerurdyr. Soňra bolsa bu çukura 4 minudyň dowamynda ymykly seretmeli. Gören organizmleriňiziň sanyny we görnüşlerini belläň. Mysal üçin, kyrkaýaklary, ýer tomzaklaryny we möýleri belläň. Toprak organizmleriniň aglabasynyň gün yşygyndan gaçýandygy sebäpli çekinjeň ýaşaýjylary tapmak üçin topragy seresaplylyk bilen biraz gazyň. Eger-de, siz 10-dan azrak görnüşi sanan bolsaňyz, onda bu siziň topragyňyzyň iýmit zynjyryndaky işjeň gatnaşyjylarynyň ýeterlik derejede däldigini aňladýar.
Näme üçin toprak organizmleri ähmiýetli?
Dürli kömelekleriň, bakteriýalaryň, mör-möjekleriň we oňurgasyzlaryň artýan sany topragyň hiliniň aýdyň alamatydyr. Bu organizmleriň siziň ekin meýdanyňyza köp sanda gelmegi zyýan berijileriň we keselleriň döremeginiň hoszpuny azaldýar. Topragyň her bir segmenti ösümlik galyndylarynyň dagamagynda we oba hojalyk ekinleriniň ösmegi üçin ýokumly maddalaryň bölünip çykarylmagynda özüniň roluny oýnaýar.
5. Toprakda ýer gurçuklarynyň köp sanda bolmagy?
Topragyň juda gury ýa-da çyg bolan mahalynda ýer ýüzüne ýagyş gurçuklarynyň çykmagyny we/ýa-da olaryň çukurlarynyň barlygyny öwreniň. Mundan soňra, toprakda çuňlugy 6 dýumýa çenli çukury gazyň we piliň üstünde sallanyp duran gurçuklary sanaň. Üç gurçugyň bolmagy gowy. Bäş gurçugyň bolmagy hasam gowy. Gurçuklaryň ýoklugy topragyň gurçuklaryň iýmitlenýän organiki maddalarynyň ýeterlik derejede däldigini görkezýär.
Kadadan çykma: Eger-de, siz gury we yssy zolagda ýaşaýan bolsaňyz onda toprak hil taýdan beýleki häsiýetlere eýe bolsa-da, gurçuklary gözlemek üçin wagtyňyzy biderek sarp etmäň. Arizona Uniwersitetinden Uolwordyň aýtmagyna görä “… çölde ýer gurçuklarynyň işjeňligi iň pesdir. Gurçuklar gyzgyn topragy halamaýarlar.”
Näme üçin ýer gurçuklary ähmiýetli?
Ýer gurçuklary topragy diňe bir kislorod bilen doýurman, eýsem olaryň ýagyşdaky bölüp çykarmalary topragy enizmler, bakteriýalar, organiki maddalar we ösümlikler üçin ýokumly maddalar bilen doldurýarlar. Şeýle-de, olar topragyň suw geçirijiligini artdyrýarlar we topragyň bölejiklerini has gowy işlenilmegi üçin berkidýän birleşmeleri bölüp çykarýarlar.
6. Ösümlik galyndylary bar we olar dagaýarmy?
Если вы выращиваете покровную культуру, по истечению 1 месяца после её смешивания с почвой выкопайте яму глубиной до 15 сантиметров и постарайтесь разглядеть органические вещества. При этом необходимо отметить количество органического материала. Наличие остатков распознаваемых растений, растительных волокон и темноцветного гумуса, означает, что распад остатков осуществляется на хорошей скорости.
Näme üçin ösümlikleriň dagamagy ähmiýetli?
Ösümlikleriň dagamagy wajyp bir proses bolup, ol topragyň organiki düzümini saklamaga gönükdirlendir. Organiki madda topragyň hili üçin wajypdyr. Sebäbi ol topragyň ösümlikler üçin zerur bolan esasy ýokumly maddalary üpjün etmek ukybyny artdyrýar. Organiki maddalar topragyň gowy strukturasynyň saklanmagyna ýardam berýär. Toprak organizmleriniň işjeňligi kislorod we suw üçin geçişleri döredýär. Bular bolsa topragyň strukturasyny gowulandyrýarlar. Organiki galyndylaryň tiz dagamagy toprakda sany artýan biologik jemgyýetçiligiň bardygyny aňladýar. Organiki galyndylaryň barlygy suwuň geçirijiligini we saklanylyşyny artdyrýar. Şeýlelikde, suwuň akmagy netijesinde eroziýanyň döremeginiň potensialy peselýär.
7. Oba hojalyk ekinleri/haşal ösümlikler sagdyn we dogumly görünýärlermi?
Bu barlaga işjeň ösdürme döwründe başlaň. Öz gözlegiňizde ösümligiň sagdyn reňkini we ösüşiň degişlilikdäki standart ölçegini anyklaň. Mundan başga-da, siziň saglyk we ösüş boýy baradaky düşünjeleriňiz sebit üçin bellenilen kadalara laýyk gelmelidir.
Duýduryş: Eger-de, siz oba hojalyk ekinini giç ýa-da gurakçylyk döwründe eken bolsaňyz ýa-da ekine zyýan berijileriň täsiri ýeten bolsa, onda barlagyň netijeleri ygtybarly bolman bilerler.
Näme üçin ösümligiň dogumlylygy ähmiýetli?
Ösümligiň dogumlylygy topragy gowy strukturasyny we işlenilmäge ýerlikliligini, şeýle-de kadalaşdyrylan suw üpjünçiligine we organizmleriň dürliligini aňladýar. Bu topragy netijeli dolandyrmagyň ýer ýüzündäki iň gowy alamatydyr.
8. Ösümligiň kökleri gowy ösýär?
Saýlanylan ösümligiň, mümkin bolsa göze dürtülip duran haşal ösümligiň töweregini seresaplylyk bilen gazmak üçin pili ýa-da laý kepjesini ulanyň. Kökleriň düýbüne ýeteniňizde bir ýyllyk ösümligi goparyň we kökleriň ösüş gerimini barlaň. Şeýle edilende inçe damarlary we sagdyn ak reňki gözläň. Goňur reňkli we ýumşak kökler suwuň akydylmagynda mese-mälim kynçylyklarynyň bardygyny aňladyp, olar pes hasylyň boljakdygy barada habar berýärler. Gowşak kökler keselleriň ýa-da kökleri gemirýän zyýan berijileriň barlygyny aňladýarlar.
Näme üçin kökleriň ösüşi ähmiýetli?
Kökleriň topragyň hili bilen gönüden-göni baglanyşygy bar. Şeýle-de, olar bu hile bagly bolup durýarlar. Kislorod, suw, biologiki işjeňlik we ownuk kesekli toprak bolmasa kökler özüniň ýaşaýyş funksiýasyny ýerine ýetirip bilmeýärler.
9. Suw tiz siňýärmy?
Aşagy aýrylan içinde kofe saklanan boş bankany ulanyň. Bankany topraga sokuň we diňe 7 santimetr ýer ýüzünde galdyryň. Bankany suw bilen dolduryň ýöne bu ýagdaýda suwuň beýikligini belläň. Soňra bolsa suwuň topraga geçmek üçin sarp edýän wagtyny belläň. Bu işi suwuň topraga geçmeginiň tizligi we siziň wagtyňyz yzygiderli bolýança birnäçe gezek gaýtalaň. Sagatda 12 milimetrdan az bolan 25 milimetrdan haýal ähli görkezijiler demrikdirilen gatlagy aňladýarlar.
Näme üçin suwuň geçmegi ähmiýetli?
Suwuň gowy geçişi suwy zerur bolan ýerlere – köklere ýetirýär. Suwuň akyşynyň we eroziýanyň öňüni alýar. Kisloroda toprakdaky öýjüklerden has gowy geçmegine ýol berýär.
10. Suwuň ösümlikleriň ösmegi üçin elýeterli bolmagy?
Güýçli ýagyşyň ýagmagyna garaşyň. Soňra ösümligiň teşnelik alamatlaryny görkezip başlaýan wagtyny belläň. Netijeler sebite baglylykda üýtgäp bilerler. Bu ýerde berilýän esasy sapak ösümlikleriň siziň sebitiňiz üçin kadaly wagtdan artyk suwaryşy talap edýän bolsa onda kemçilik toprakdadyr.
Näme üçin suwuň elýeterli bolmagy ähmiýetli?
Topragyň strukturasy we organiki maddalar topragyň hiliniň faktorlary bolup durýarlar. Bular ösümlikleriň ýagyşlar bilen suwaryş arasynda suwy saklamak ukybyny kesgitleýärler. Toprakda suwuň oňat elýeterli bolmagy onuň strukturasynyň we organiki maddalarynyň oňat ýagdaýdadygyny aňladýar.
Bu maglumat “Willamet jülgesiniň hili boýunça gollanmadan” göçürmedir.