Organiki ekerançylyk: görnüşleri, prinsipleri, usullary we ähmiýeti

 

Organiki ekerançylyk ösümlikçilik we maldarçylyk usuly bolup, onda pestisidleriň, dökünleriň, genetiki modifisirlenen organizmleriň, antibiotikleriň we ösüş gormonlarynyň ulanylmazlygy saýlanylýar. (food.ndtv. com)   

Başgaça aýdylanda, şu usul az çykdajyly ekerançylyk hökmünde tanalmak bilen onda kompost, hasyl galyndylary we dökün ýaly tebigy resurslar ulanylýar.       

Şeýle-de, ekerançylygyň şu görnüşinde sintetik we organiki däl agrohimiki önümleriň ýerine ekişiň we haşal otlara garşy söweşmegiň tebigy usullary ulanylýar   

 

       Organiki ekerançylygy girizmegiň maksatlary

      

Organiki ekerançylyk şu aşakdakylar üçini girizilýär:        

– genetiki dürlüligiň ýokarlanmagy;

– tebigy pestisidleriň ulanylmagyny wagyz etmek;

topragyň öz wagtynda we dogry işlenilmegi;

– topragyň gowy gurluşynyň we önümliliginiň saklanylmagy;

zyýan berijilere, kesellere we haşal otlara gaşry söweşmek;

 

Organiki ekerançylygyň görnüşleri.

 

1.  Arassa organiki ekerançylyk.

Ekerançylygyň şu görnüşinde organiki dökün we biopestisidler ulanylýar we organiki däl himikatlaryň we pestisidleriň ulanylyşyndan çekinilýär.

 

2.  Utgaşdyrylan organiki ekerançylyk.

Ekerançylygyň şu görnüşi ýokumly maddalaryň birleşdirilen dolandyryşyna we zyýan berijilere garşy göreşmegiň birleşdirilen dolandyryşyna esaslanýar.   

Bu ekerançylykda oba hojalyk ekinleriniň işlenilmeginde doly ýokumlylyk üçin tebigy resurslar ulanylýar, şeýle-de zyýan berijilerden goragy üpjün edýän ekinler we ösümlikler ulanylýar.      

 

Organiki ekerançylykda biz şu usullary ulanýarys:

 

● Ekin dolanyşygy:

Bu usul dürli ekinleriň şol bir ýerde ýylyň pasyllaryny göz öňünde tutmak bilen yzygiderli ekilmegi üçin ulanylýar.   

● Ýaşyl dökün: Bu atlandyrma goparlan we topraga öwrülen ölen ösümlikleri göz öňünde tutýar. Olaryň indiki wezipesi topragyň hilini ýokarlandyrmak üçin ýokumly maddalar hökmünde ulanylmagydyr.

● Zyýan berijilere garşy biologik söweş: Bu usulda diri organizmler himikatlary ulanmazdan/ulanyp zyýan berijilere garşy göreşde ulanylýarlar.    

● Kompost: özünde ýokumly maddalaryň ýokary düzümini saklaýar. Ol gaýtadan ulanylan organiki madda bolup, oba hojalyk fermalarynda dökün hökmünde ulanylýar. 

 

Organiki ekerançylygyň usullary

 

1. Topragyň dolandyrylyşy

Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilmeginden soňra toprak özüniň ýokumly maddalaryny ýitirýär. Netijede onuň hili peselýär. Organiki ekerançylykda topragyň önümliligini ýokarlandyrmak üçin tebigy usullar ulanylýar. Şeýlelikde, şu ugurda haýwan galyndylarynda bakteriýalaryň ulanylyşyna esasy üns berilýär. Olar öz gezeginde topragyň ýokumly maddalarynyň önümliliginiň has ýokary özgerişine ýardam berýärler.   

 

3.  Haşal otlara garşy göreş

Haşal otlar – bular oba hojalyk meýdanlarynda ösýän halanylmaýan ösümliklerdir. Organiki ekerançylykda haşal otlaryň doly aýrylmagynyň ýerine olaryň azalmagyna üns berilýär.

 

Haşal otlara garşy göreşmegiň usullary aşakdakylardyr:

 

● Mulçirleme:

Bu prosesde haşal otlaryň boý almagynyň öňüni almak üçin topragyň ýüzi plastik plýonkasy ýa-da ösümlik galyndylary bilen örtülýär.

● Ormak ýa-da çapmak: Ösümlikleriň ýeriň ýüzündäki boýunyň aýrylmagy üçin ulanylýar.

 

4.  Oba hojalyk ekinleriniň dürliligi

Üýtgewsiz ekiş bu oba hojalyk meýdanlarynda ulanylýan usuldyr. Onda belli bir ýer böleginde diňe bir ekin ösdürilýär we ýygylýar.   

Ýaňy-ýakynda köp görnüşli ekinleri ekişi girizldi. Ekinlere bildirilýän islegi kanagatlandyrmak we toprak mikroorganizmleriniň zerur bolan sanyny öndürmek üçin dürli görnüşli ekinler ösdürilýär.  

 

5.  Beýleki organizmleriň dolandyrylyşy

 

Oba hojalyk fermasynda peýdaly we zyýanly organizmler bar. Olar meýdana öz täsirini ýetirýärler. Şeýlelikde, biz topraklary we ekinleri goramak üçin şular ýaly organizmlere gözegçilik etmeli bolýarys. Biz muny gerbisidleri we pestisidleri ulanmak arkaly amala aşyryp bilýäris. Bular öz düzüminde tebigy bolan az himikatlary saklaýarlar.    

 

Organiki ekerançylygyň ähmiýeti şu aşakdakylardan yabaratdyr:

 

Daşky gurşawyň ýagdaýy gowy. Sebäbi tebigy toplum iň pes hoszply ýagdaýda bolýar.

Ol adamlaryň saglygy üçin peýdaly iýmiti berýär.

Döküniň ulanylmagy sebäpli toprak has gowy ýagdaýda.

 

Organiki ekerançylygyň artykmaçlyklary

 

Organiki ekerançylyk ýeriň ýagdaýynyň erbetleşmeginiň öňüni alýar we zaýalanan ýer bölekleriniň dikeldilmegi üçin ulanylýar. Organiki dökün toprakda ýokary hasyllylyk we oba hojalyk ekinleriň gowy hili üçin optimal ýagdaýlary üpjün edýär. Olar giriş elementleriniň satyn alynmagyna bildirilýän zerurlygy peseldýärler.

Olar topragyň ýokumly maddalarynyň  üpjün edilmegi we saklanylmagy ýaly himiki häsiýetlerini gowulandyrýarlar hem-de himiki reaksiýalaryň ýüze çykmagyna ýardam edýärler.

Organiki taýdan ösdürilen ösümlikler kesellere we mör-möjeklere garşy durnukly bolýarlar.

Netijede az sandaky pürkgüçler we gorag çäreleri zerur bolup durýar.

Awusyz.

 

Organiki ekerançylygyň kemçilikleri

 

Aslynda önümçilik bahalary bu uly ýalňyşlykdyr. Sebäbi fermerleriň işgärlere bolan zerurlygy bar. Iýmitiň kesellemegi has ýygy ýüze çykýar.

Organiki iýmit has gymmatlydyr. Sebäbi fermerler öz ýerlerinden adaty fermerler ýaly netijäni almaýarlar. Organiki ekerançlyk ýer ýüzüniň ilatynyň ýaşamagy üçin ýeterlik bolan iýmiti öndürip bilmeýärler.

 

Organiki ekerançylygyň prinsipleri

 

1.  Saglyk prinsipi

Organiki ekerançylyk topragyň, ösümlikleriň, adamlaryň we ýeriň saglygyna we topragyň taplygyna öz goşandyny goşýar

 

2.  Ekologiki balansyň prinsipi

Biz diri ekologik ulgamlaryň esasynda organiki ekerançylygy modelini döretmeli. Mundan başga-da, organiki ekerançylygyň usullary ekologiki balansa we tebigatdaky sikllere laýyk gelmelidir.

 

3. Adalatlylyk prinsipleri

Organiki ekerançylyk ýaşaýşyň gowy hilini berýär we topragyň önümsizligini düşürmäge kömek edýär.

 

4. Alada etmek prinsipi

Biz organiki ekerançylygy häzirki we geljekki nesilleriň hem-de daşky gurşawyň bähbidi üçin ünsli we jogapkärli ulanmaly.

 

Adaty ekerançylyk näme üçin durnuksyz?

 

Topragyň önümliligi himiki dökünleriň aşa köp ulanylmagy we ekin dolanşygynyň ýoklugy sebäpli ýitýär. Nitratlar ýagyşlaryň dowamynda aýrylýar we suw resurslaryny zäherleýärler.

 

Mör-möjekleriň we haşal otlaryň aýrylmagy üçin awuly biosid pürkgüjiň ulanylmagy. Çuňňur sürmegiň we güýçli ýagyşlaryň netijesinde topragyň eroziýasy. Biologik dürlülik üýtgewsiz ekiş sebäpli ýitýär.