Ösümliklere esasy peýdaly maddalaryň ýetmezçili we zäherlenme alamatlary

Ýaşamak, ösmek we köpelmek üçin ösümliklere dogry gatnaşykda we dogry mukdarda  peýdaly maddalara ätäçdir.  Peýdaly maddalaryň mukdary gereginden az bolanda ösümlikler  iýmit ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Maddalar gereginden artyk bolanda olar keseliň alamatlarny ýüze çykarýarlar. Peýdaly maddalaryň çenden aşa köpligi ýada azlygy näsazlyklara getirip biler. 

Aşakdaky tablisada  ösümlikleriň esasy peýdaly maddalaryň ýetmezçiligiň we artyklygynyň alamatlary görkezilen.

111

111

 Makroelementler 

Makroelementleri topraga ösüş möwsüminde azyndan ýylda 1 gezek ulanmaly

 

AZOT (N)

Ýetmezçilik alamatlary (AZOT): Ösümligiň aşakky bölegindäki köne yapraklaryň umumy saralmasy. Ösümligin galan bölekleri açyk yaşyl reňkde. 

Zäherlenmegi/ artyklygy (AZOT): Etli-çylkaly ösüş, ýapraklar garaňky ýaşyl,ýogyn we ejiz,ýaramaz miwe toplumy. Ammiagyň artyklygy kalsiý ýetmezçiligine getirip biler.  

Bellikler: Köp ösümlikler azody ammiak ýada nitrat görnüşinde kabul edýärler.  Bu görnüşler suwda ansat ereýär we ýuwulup gidýärler.  

***

 

FOSFOR (P)

 

Ýetmezçilik alamatlary (FOSFOR): Ýapraklaryň uçlary ýanan ýaly görünýär, yzy bilen köne ýapraklaram gara ýaşyl ýada gyzylymtyl bolýarlar. 

 Zäherlenmegi/artyklygy (FOSFOR): Zn, Fe we Cu ýetmezçiligi görnüşnde ýüze çykýar.  

Bellikler: Köp ösümlikler azody ammiak ýada nitrat görnüşinde kabul edýärler.  Bu görnüşler suwda ansat ereýär we ýuwulup gidýärler.  

 ***

KALIÝ (K)

Ýetmezçilik alamatlary (KALIÝ): Köne ýapraklar solýar, ýanan ýaly görünýär. Damarara hloroz aşakdan başlap, ýapraklary gyrasyndan ýakýar. 

Zäherlenmegi/artyklygy (KALIÝ): Ösümlikde N ýetmezçiligini ýüze çykarýar we beýleki polojitel ionlaryň  Mg we Ca kabul edilmegine täsir edip bilýär. 

Bellikler: Ösümlikler kaliýni toprakdan ansat ýuwulup gidýän ion görnüşinde kabul edýär. Çöl topraklarynda köplenç kaliý köp bolýar we ýetmezçilik meseleleri seýrek duş gelýär.  

 ***

KALSIÝ (Ca)

Ýetmezçilik alamatlary (KALSIÝ): Täze ýapraklar (ösümligiň ujyndaky) gyşaran we  dogry şekilde däl. Çüýremege getirip bilýär. 

Zäherlenmegi/artyklygy (KALSIÝ): Magniý siňmesine böwet bolýar, kalsiniň artyklygy adatça beýik pHa getirýär we köp maddalary çökerýär şonlukda olar ösümlikler üçin elýeter bolman galýar. 

Bellikler: Çöl topraklarynda köplenç kaliý köp bolýar we ýetmezçilik meseleleri seýrek duş gelýär. Kalsiniň artyklygy beýleki maddalaryň kabul edilmegini çäklendirip biler.  

 ***

MAGNIÝ (Mg)

Ýetmezçilik alamatlary (MAGNIÝ): Köne ýapraklaryň ujy saralyp, ýapragyň ortasyna ýaýyň ujy şekilli ýaşyl tegmil goýýar.  

Zäherlenmegi/artyklygy (MAGNIÝ): Kalsiniň siňmegine päsgel berýär; köne ýapraklarda kiçi nekrot tegmiller, köne ýapraklardaky kiçi damarlar  goňura öwrülýär; söňky derejesinde  täze ýapraklarda tegmiller döräp biler. 

Bellikler: Ösümlikler magnini ion görnüşinde kabul edýärler (zarýadly bölejik), ol toprakdan ansatlyk bilen ýuwulýar, eger kalsiý ýok bolsa.  

 ***

KUKURT (S)

Ýetmezçilik alamatlary (KUKURT): Ilki täze ýapraklar saralýar, yzy bilen köne ýapraklaram saralyp biler.  

Zäherlenmegi/artyklygy (KUKURT): Kükürt artyklygy adatça howa hapalanmasy görnüşde bolýar.   

Bellikler: Ösümlikler kükürdi sulfat görnüşinde kabul edýärler, ol toprak aňsat ýuwulýar. Kükürt topragy turşadyp bilýär. (pes pH).  

 ***

Mikroelementler 

Ýetmezçilik alamatlary ýüze çykanda peýdanylýar

 

 Bor (B)

Ýetmezçilik alamatlary (Bor): Ujyndaky pyntyklar ölýär, “süwse” şekile gelýär.   

Zäherlenmegi/artyklygy (Bor): Ýapraklaryň ulary we  gyralary marginal ýanyga geçýän,nekrotik tegmiller bilen örtülýär (çalt ereýan duzlara meňzeş); ilki köne ýapraklara täsir edýär, ösümlikler has ynjyk bolýar.   

Bellikler: Osümlikler bory borat görnüşinde kabul edýärler. Köp orulýan meýdanlarda has bildirýär.  

 ***

 Hlor (Cl)

Ýetmezçilik alamatlary (Hlor): Solup mis reňk bolan ýapraklar  hlorotik bolup ölýärler.   

Zäherlenmegi/artyklygy (Hlor): Duzlardan şikeslenen, ýapraklaryň ýanmagy, sukukulent ýagdaýy tijeýar.  

 ***

 Mis (Cu)

Ýetmezçilik alamatlary (Mis): Ýapraklar garaňky ýaşyl, ösuşden yza galýar.    

Zäherlenmegi/artyklygy (Mis): Pes pH ýagdaýda ýüze çykýar, Fe ýetmezçiligi ýaly geçýar.   

Bellikler: Ösümlikler misi ion görnüşde kabul edýärler.  

***

 Demir (Fe)

Ýetmezçilik alamatlary (Demir): Saralma täze ýapraklaryň arasyndaky damarlarda ýüze çykýar.     

Zäherlenmegi/artyklygy (Demir): Suw alan ýerlerden başga ýerlerde seýrek duşgelýär.  

Bellikler: Ösümlikler demiri kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler.kabul edilmesi pHa bagly. Helatirlenen demir ösümlikler üçin elýeterdir. Demiriň başga görnüşleri toprakda doňýar.  

***

 Marganes (Mn)

Ýetmezçilik alamatlary (Marganes): Saralma täze ýapraklaryň arasyndaky damarlarda ýüze çykýar. Tegmiller demir ýetmezçiligindäki ýaly bildirenok. Palma yapraklary gyşaran we deformirlenen uçlary buýra görnüşde. Ösümligiň böleklerinde (ýapraklarynda, baldagynda, miwelerinde) möçberiniň kiçelmegi.  Öli nokatlar we tegmiller.      

Zäherlenmegi/artyklygy (Marganes): Ösuşinde yza galmak, ýapraklarynda goňur tegmiller, demir ýetmezçiligini ýaly ýüze çykýar. Güýçli turşy şertlerde gabat gelýär.  

Bellikler: Ösümlikler marganesi kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler. 

*** 

 Molibden (Mo)

Ýetmezçilik alamatlary (Molibden): Köne ýapraklaryň umumy saralmasy (ösümligiň aşagy bölegi) ösümligiň galan bölegi adatça açyk ýaşyl reňkde.      

Zäherlenmegi/artyklygy (Molibden): Ýapraklarda sary ýada benewşereňk. Seýrek gabat gelýär. 

Bellikler: Mobilden turşymlyk görnüşinde kabul edýärler.  

 ***

 Sink (Zn)

Ýetmezçilik alamatlary (Sink): Ujundaky yapraklar tegelenip,saralma täze ýapraklaryň damarlarynyň arasynda peýda bolýar.      

Zäherlenmegi/artyklygy (Sink): Ösüşde has yzagalýar,gyzarma,yaramaz gögerme, köne ýapraklar solýar, tutuş ýaprak hlorozalýar, gyralary we esasy damarda reňkler durýar, sinklenen metal sebäp bolup biler. 

Bellikler: Ösümlikler sinki kökleri bilen deň hatarda ýapraklaryndan hem kabul edýärler. Ýokary pH elýeterliligi çäklendirip bilýär.  

 ***

 

Dürli ösümlikler ýetmezçilik we zäherlenme alamatlaryny ýaýradyp bilýarler.  Dogry çözgütleriň kabul edilendigine ynamly bolmak üçin barlag geçirip durmaly. Eger-de alamatlar düşnüksiz bolsa nädogry çözüm bilen wagtyňyzy we girdejinizi yitirmezlik üçin oba hojalyk hünarmenine ýüz tutuň.