Suwaryş usulary:  Peýdasy we zyýany

Suwaryş- bu ösümliklere  belli bir wagt aralygynda belli suw möçberi niň berilmegidir.

Gysgaça aýdylanda, ygal az wagty adamlaryň osümliklere edýän kömegi. Suwarylýan yerlere suwlar derýalardan, köllerden we guýylardan sorulup alynýar ýada açyk kanallardan we turbalardan akyp barýar.

Suwaryş görnüşleri: 
Oba hojalygynda ulanylýan görnüşleri: yüzleý,  sprinklerli, damjaly, bölümleýin ok boýunça we elde suwaryş.

 

1.  Ýüzleý suwaryş usuly: Ýüzley usulynda suw ýerdeň göni  grawitasiýa akymy bilen batgalyk böleklere tarap hereket edýär. 

  

Surface Watering

***

 

2.  Sprinklerli suwaryş  usuly: Bu giňden ýaýran usuldyr. Onda belli mukdardaky suw turbalaryň üsti bilen meýdanlara berilýär we göni ösümlikleriň üstüne beýik basyşly sprinkler bilen sepilýär. Gowy tarapy suwuň möçberini  dolandyryp bolýar.

 

Sprinkler Watering

***

 

3.  Damjaly suwaryş:  Bu usul bilen suw damjalary ösümligiň kökine barýar. Bu usul iň metijeli usul bolup durýar.

 

Dripping Watering

***

 

4.  Bölümleýin ok boýunça suwaryş:  Bu usul öz içine tegelek ugur boýunça aýlanýan,özi ýöreýan tigirli enjamda hereket edýän turbageçirijini öz içine alýar.  

 

Pivot Driven Watering

***

 

5.  Elde suwaryş:  Bu usulda adatça bedreler we kündikler ulanylýar. Öý ekinleri üçin ulanylýan esasy usul.  

   

Hand Watering

***

 

Peýdaly taraplary:

  1. Suwaryş ýer eýelerine gowy girdeýji getirýän  medeni ösümlikleri ösdürmage mümkinçilik berýär.
  2. Ol yerasty suwlaryň känlerini köpeldýär. akmagy bilen suw ýitip ol ýerasty howuzda ýygnanýar.
  3. Ýer eýelerine oba hojalygyny ösdürmek üçin gelýän girdeýjini köpeldip biljek baý hasyl almaga ýardam edýär
  4. Ygal az wagty ösümlikleriň ösmegine ýardam edýär.

Kemçilikleri:

  1. Suwuň çenden aşa köp akmasy batgalyklary döredýär. Batgalyklar hem öz gezeginde çibynlaryň köpelip malýariýa keseliň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.
  2. Temperaturany peseldip , töweregi çyglandyrýar.
  3. Çenden aşa köp suwuň topraga akmasy suwuň derejesini göterýär we batgalyklara sebäp bolýar.

Wajyplygy:

  1. Suwaryş toprakda çyglygy saklaýar. Çyglyk tohumlaryň gögermegi üçin gerek.
  2. Suw ösümliklere iki sany esasy elementi berýär- wodorod we kislorody. 
  3. Suwaryş ösümlileriň toprakdan peýdaly maddalary alyp bilmesi üçin möhümdir. 
  4. Medeni ösümlileriň köküniň ösmegi üçin gerek.