IPM näme?

  • Zyýankeşlere garşy göreşmegiň toplumlaýyn gurnamak (IPM) – munuň özi göwnejaý tejribäni utgaşdyrmaklyga esaslanýan zyýankeşlere garşy göreşmegi gurnamaklyga netijeli we ekologiýa taýdan duýgur çemeleşme.
  • IPM maksatnamasy özünde zyýankeşleriň ýaşaýyş kadasy we olaryň zyýankeşler garşy göreşmegiň elýeter usullary bilen daşky gurşawa öz ara gatnaşygy hakynda häzirki we doly maglumatlaryny özünde utgaşdyrýar. Olzyýankeşleregarşygöreşmegigurnamagyňiň ykdysady amatly usullarwe  adamlara, emlägewedaşky gurşawa iň az zyýan bermek ähtimallygy  üçin ulanylýar.
  • Siz IPM çemeleşmäni hem oba-hojalyk, hem-de oba hojalyga degişli däl desgalar, ýagny öý, bakja we iş ýerleri üçin hem ulanyp bilersiňiz. IPM zyýankeşlere garşy göreşmegi gurnamagyň ähli degişli görnüşlerini ulanýar, şol sanda, emma munuň bilen çäklenmän, pestisidleriň göwnejaý ulanylmagyny öz içine alýar. Beýleki tarapdan iýmit önümleriniň organiki önümçiligi IPM-iň ulanýan şol bir konsepsiýanyň aglabasyny ulanýar, emma sintetiki himiki serişdelerden tapawutlylykda tebigy çeşmelerden öndürilýän pestisidleri ulanmak bilen çeklendirýär.

IPM-iň maksatlary  

1.   Zyýankeşlere garşy göreşmegi gurnamakda adamlar we daşky gurşaw üçin töwekgelçiligi ýoga getirmek.

2.   Ykdysady töwekgelçiligi ýoga getirmek

IPM nähili ulanmaly

  • IPM zyýankeşlere garşy göreşmegi gurnamagyň birnäçe çözgütlerini, gözegçiliklerini we bahalandyrmaklygy ulanýar. IPM tejribesi dört esasy tapgyry göz öňünde tutýar.
  • Herket ediş çägini gurnamak

 

IPM-de siz ilki zyýankeşlere garşy göreşmek üçin islendik hereketleri ýerine ýetirmezden ozal hereket ediş çägini ýola goýuň. Täsir ediş çägi – munuň özi siziň zyýankeşlere garşy göreşmek çärelerini görmegiňizi görkezýän zyýankeşleriň populýasiýasynyň ýa-da daşky gurşawyň şertleriniň nokadyny aňladýar. Bir zyýankeş haýsy-da bolsa islendik hereketleri elmydama talap etmeýär. Has dogrusy, zyýankeşlere garşy göreşmegiň wajyp çözgütleri bolýan zyýankeşleriň ykdysady hoszp bolup biljek derjerleridir.  

Zyýankeşleriň monitoringi we ýüze çykarmak

Käbir organizmler zyýansyz bolýar, käbirleri bolsa peýdaly. Şeýlelikde hemme mör-möjekler, haşal otlar we beýleki janly organizmler gözegçiligi talap etmeýär. IPM-de hereket ediş çägi bilen bir wagtda monitoring boýunça degişli çözgütleri kabul eder ýaly, siz zyýankeşlere gözegçilik etmeli we olary dogry anyklamaly. Monitoring we ýüze çykarmak pestisidleriň hakykatdan hem gerek bolmadyk zerur däl ulanylşyny aradan aýyrýar.  

Öňüni alyş  

IPM maksatnamasy zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin ekinleri, ot meýdançasyny ýa-da içerki howlyny dolandyrýar. Galla ekinlerinde, galla ekinleriň çalyşygy, zyýankeşlere durnukly sortlary saýlamak we kökleriniň zyýankeşleri bolmadyk ekiş ýaly ekini ösdürmegiň usullary. Bu gözegçilik usullary adamlara we daşky gurşawa zyýany ýok diýen ýalydyr. Emma olar netijeli we ykdysady taýdan amatlydyr.    

Gözegçilik  

Şeýlelikde, indiki ädim, monitoringdan, ýüze çykaryşdan we hereket ediş çäginden soňra siziň zyýankeşler bilen göreşmegiňizi görkezýär we öňüni alyş çäreleriň mundan beýläk netijeli däl ýa-da elýeter däldigini görkezýärmi?  

IPM maksatnamasy netijeli we has töwekgelçiligi pes dogry dolandyryş usulyny höküm edýär. Ilki bilen zyýankeşleriň netijeli we töwekgelçiligi az bolan gözegçiligi saýlamaly. Munuň özi anyk zyýankeş üçin niýetlenen zyýankeşleri ýok edýän we köpelmeginiň öňüni alýan himiki serişdeleri ýa-da tutmak we otamak ýaly mehaniki gözegçiligi öz içine almaly. Gözegçiligiň netijeliligini görmek üçin monitoringi dowam ediň. Eger soňraky monitoringda görkezilşi ýaly gözegçiligiň has az töwekgelçilikli serişdeleri täsir etmeýän bolsa, siz zyýankeşler bilen göreşmegiň maslahat berilýän pestisidleri sepmek ýaly goşmaça usullaryny ulanyp bilersiňiz. Ýöriteleşdirilmedik pestisidleriň giň gerimli sepilmegi siziň soňky serişdäňiz bolmaly we seresaplyk bilen ýerine ýetirilmeli.  

IPM artykmaçlyklary  

Biologiki zyýankeşler bilen göreşmegi gurnamagyň durnukly alternatiwalaryna ýardam edýär.  

Dolandyrmagyň has ekologiki hoszpsuzlygyny kabul etmekligi höweslendirmek bilen zyýankeşleri dolandyrmak bilen bagly ekologiki töwekgelçiligi azaldýar.  

Howanyň we ýersaty suwlaryň hapalanmagynyň ähtimallygyny azaldýar.  

Zyýankeşler bilen göreşmegiň işlerine täsiri azaltmak arkaly maksat edilmedik görnüşleri goraýar.  

Zyýankeşler bilen göreşmegiň birnäçe usullaryny ulanmak bilen pestisidlere bolan talaby azaldýar.  

Pestisidleriň galyndylary bilen bagly meseleleri azaldýar ýa-da aradan aýyrýar.  

Zyýankeşler we pestisidler bilen bagly işler sebäpli jemgyýetçilik  ynjalyksyzlygy ýumşadýar.  

Gaýtadan ulanmagyň wagt aralygyna bolan çäklendirmäni azaldýar ýa-da aradan aýyrýar.  

Işgärlere, kärendeçilere we jemgyýete pestisidleriň täsirini azaldýar.  

Zyýankeşler bilen göreşmegi gurnamak maksatnamalarynyň düşewüntlilgini goldaýar we ýokarlandyrýar