3-DAMJA Sylagly Müşderileri!

Deslapky töleg arkaly 2021 hasylyny ýygnamak üçin sargyt alyp başladyk. 2021-nji ýylyň fewral aýynyň ahyryna çenli sargyt eden bolsaňyz, öňünden töleg göz öňünde tutulýar – bu wagt malina meýdanlaryny tertip boýunça köpeltmegiň üstünde işleýän wagtymyz bolup durýar.
Deslapky tölegde malynanyn 1 kilenin bahasy 125 manat.
Öňünden tölän tölegiňiz, gyşda işlemegi dowam etdirmäge mümkinçilik berýär – bu iň uly işleriň alnyp barylýan we miweleri ösdürip ýetişdirmek üçin çykdajylaryň çykarylýan wagty. Köp sagboluň!
Sargyt +99365818077 belgä SMS ibermek ýa-da www.3-damja.com/sargyt websaýtymyzdaky sargydyň sahypany doldurmak we “2021” senesini görkezmek arkaly sargyt edilip bilersiňiz. Sargyt edip pul “Börejik” kafede (belgisi +993 12 95 83 89) töläp bilersiňiz.  Şeýle hem, SARGYT 3-DAMJA 3AKA3 sargyt programmasyny telefoňyza (Anddroid) Google Play-dan ýükläp alyp bilersiňiz. Bu programma bizin miwelerimizi sargyt etmek üçin has amatly bolar.

www.3-damja.com

2011 03 16 Planting Almonds and Apricots 1_595

Biziň bagymyz we meniň jaýym Aýal-Olýanyň birinji ülüşi (uçastogy). Biz käbir gyzyklanýan telekeçileriň, meşhurlygy we arabaglanşygy sebäpli, mälim etmän we jaň etmän gelip baga girýändiklerine duçar bolduk. Birnäçesini men bagda duşdym, emma olar näme işleýändiklerini hem düşündirip bilmediler. Soňkylary men taýýarlanan gyşky şitillere elleri bilen girip topragyny dargatmaklaryndan saklap bilmedim. Hormatly telekeçiler – haýyş edýärin (!) – düşüniň, biz topragy gaýtadan dikeltmek ugrunda 2005-nji ýyldan bäri işleýäris we çäreleri üstünlikli geçirmegiň esasy şertleriniň biri – karantindir. Biz biziň işimiz bilen gyzyklanýan adamlar barada pikir edýäris we bu adamlar üçin öz saýtymyzda (www.3-damja.com) suratlary hem-de rus we türkmen dillerinde synap gören esasy ýörelgelerimizi we tärlerimizi ýerleşdirýäris. Soňky 27 ýylda Aşgabada we welaýat merkezlerine Türkiýeden köp mukdarda altyn bahaly peýdasyz dekoratiw ekilýän material bilen bilelikde biz kömelejik we wiruslardan başlap güýe we biziň aborigen floramyz üçin juda zyýanly bolan zyýankeşleriň sansyz görnüşlerini getirendigimizi nazara almagyňyz barada örän haýyş edýäris. Biziň ekin materiallarymyz, birinjiden-ä Gos-Fitokontrolyň doly barlagyny geçdi we degişli şahadatnama eýe boldy, ikinjiden bolsa biz ony 2011-nji ýyldan bäri synaýarys we ýekeje kesel ýa-da zyýankeş tapylmady, ähli baglar sagdyn. Biziň bagymyzda we biziň guýymyzda sermenmegiňiz barada örän-öran-örä-ä-ä-ä-än haýyş edýäris. Eger-de siz biziň üstünligimiziň syryny bilmek isleýän bolsaňyz, onda biz öňünden aýdýarys: BIZDE ÇIGITLERINIŇ ÝERINE BRILLIANTLY ALTYN ALMALY, ÝAPRAKLARYNYŇ ÝERINE ÝÜZ DOLLARLYK PULLY SORTLY ŞITILLER WE BAGLAR ÝOK!!! OLAR ÝALY SORAGLARY TSTB-de SORAŇ. OLARYŇ YKDYSATÇY-MASLAHATÇYLARYNDAN. HAÝYŞ EDÝÄRIS, SIZDEN SORAÝARYS – ÝERLI GELIP ÇYKYŞLY SAZLAŞYKLY EKOSISTEMALY ADA BOLUP DURÝAN BAGYMYZA BIZ ENÇEME ERJELLIK, GÜÝÇ WE HUSUSY SERIŞDELERIMIZI GOŞDUK. BIZE PROBLEMALARY DÖRETMÄŇ. ÝÖNE BIZ BILEN ARAGATNAŞYK AÇYŇ – BIZ SIZE PÄK MASLAHAT HEM-DE BAŞARANYMYZDAN KÖMEK BERERIS.
Biziň kärende alýan ýerimiziň iki ýarym gektarynda ýitip giden miweli endemik-ekinleri we aborigenlary dikeltmek netijesine geldik. Suwarmasyz topragyň biotiki döwrüni girizmek bilen ýerli birýyllyk, ikiýyllyk we köpýyllyk otlary we gyrymsy agaçlary dikeltmek babatyndaky biziň tejribämiz şowly boldy. Üstesine-de, guşlar üçin oňaýly şertleriň (biz pestisid ulanmaýarys) we biziň bagymyzda olar üçin ýeterlikli iýmitiň bardygy arkaly – guşlar topraga, biziň özümiziň ýygnap başarmajak, seýrek duş gelýän baglaryň we gyrymsy agaçlaryň tohumyny getirýärler. Tebigatda hemme zadyň sazlaşygy täsindir. Adamyň goşulmadyk ýagdaýynda hem onda, ýagny ekosistemada gaýtadan dikelmegiň görnüp duran prosessiniň bolmagy has hem täsindir. Özümizi bütin planetanyň ekosistemasynyň esasyna kast edip we onuň işiniň netijeliligini “gowulandyryp” bilýän, ýeterlik derejede paýhasly, habarly jandar hökmünde kabul etmegimiziň akmaklykdygy barada men ýygy-ýygydan pikirlenýärin… Ylmy toparlarda şundan hoszply ýalňyş pikire men gabat gelmedim. Dostlar, serediň wideo, nähili topragymyz bar. Aşgar, kislota-aşgar gatnaşygy (pH) 8,5 çenli deň bolan ýaş gumdaşyň iri fraksiýalary, oba hojalyk ekinlere ýararly toýun fraksiýalarynyň düzümi 8-den 20% çenli. Bonitirowka şkalasy boýunça biziň topragymyz (çärelerden öň) 10-15 ball derejededi. Emma 14 ýylyň dowamynda germewlemekden we karantindan soň, bu görkeziji özünden, ýagny suwsyz we hasyllygy ýokarlandyrmak işleri geçirmezden, 25 ball çenli artdy. Toprakda biotik ýaşaýyşyň tebigy kadasynyň aralaşmagy we toparyň öýjük-öýjükliginiň ýokarlanmagy arkaly bu ýyl biz ýerli möhüm ekinleri ekip bilýäris – alyç, ýemşan, ernap (Sumbarda oňa endap diýaler), iki görnüşli itburun, diňe zirk agajyny goýdular. Ýerli miwesiz agaçlardan bizde birnäçe arça agajy, köpetdag kerkawy, dagdan hem-de ýowşandan astragala çenli dürli görnüşli köp sanly gyrymsy agaçlary özleri ösdüler. Bu ähli ösümliklere suwaryş gerek däl – olar toprakda irden kondensirlenýän (topragyň öýjük-öýjükligi mal bakylanda mümkin däl) yzgardan peýdalanýarlar. Bu yzgar irden toprak sowanda, howa bolsa çalt ýylap, topragyň we howanyň temperatura tapawudy 25 gradusa çenli ýetende emele gelýär. Bu ýagdaýda ot örtügi örän wajypdyr – (1) ol topragy aşa gyzmadan goraýar we toprakda ýyly howanyň täsiri astynda yzgaryň kondensirlenýän wagtynyň dowamlylygyny artdyrýar; (2) solan ösümlikler toprakda kapilýarlary, kanallary goýýarlar we bu kapilýarlar we kanallar boýunça topraga howa we yzgar aralaşýar; (3) ýabany ösümlikleriň dokumalarynyň düzüminde kömelejiklere çydamly kletçatka, lignin köp mukdarda bolýar hem-de teksturany, ýagny toprakda kapilýarlary we kanallary ýyllaryň dowamynda saklap bilýär. Sanalanlardan daşgary hem özarabaglanşykly bolup umuman özi özünden dikelmek gudraty barada täsir goýýan köp sanly faktorlar bar. Bizden betnebisligi we şahsy baýamak maksat bilen tebigy serişdeleri işlemek islegi aýyrsaň bular ýaly “gudratlar” köp bolar! Ýene bir gezek aýdaýyn – bu ülüşde biz toprak boýunça ýörite çäreleri geçirmedik we onuň hasyllylygy artdy. Tebigaty goraň, dostlar! Biziň goraghanalarymyzy, tokaý hojalyklarymyzy, zakazniklarymyzy gorap saklaň! Biziň ýurdumyzda häzir bu mümkindir. Bu biziň mirasymyzdyr, biziň berkligimiziň bir düzüjisidir. Öz çagalaryňyzy ABŞ okuwa goýbermäň – ol ýerde öwredende bir zat öwredýärler, öz serişdelerine bolsa başgaça garaýarlar.
Dostlarym, öň men fewral aýynda miweli agaçlaryň çybyklary bilen paýlaşaryn diýip ýazypdym Badam (4 sort) Erik (3 naharhana sorty we biri özi kişde bolýan, guratmak gerek bolmaýar) “Early Rivers” sortly çereşnýa. Eger-de siz bu barada öz tanyş bagbanlaryňyza habar beren bolsaňyz, onda bizde düzediş bar: Düýn men badamyň sortlarynyň biriniň agaçlarynda miwe pyntyklarynyň çişendigini gördüm. Bu anomal ortaraç ghije-gündizki temperatura sebäpli bolýar, gyş bizde diňe ýanwar aýynyň ikinji ýarymynda geldi. Şol sebäpli, biz hut şu hepdede kesmäge ýetişeris diýip umyt edýäris, we şahalary Nohura, meniň dostumyň dükanyna ibereris. Öz dostlaryňyza-bagbanlaryňyza çybyklaryň adatdakysyndan 3 hepde öň taýýar boljakdygy baradaky habary ýetirmegiňizi sizden haýyş edýärin. Çybyklary sowadyjyda, yşyksyz, 2 aýa golaý saklap bolýar. Heniz yssy düşmänkä we çygly wagty – biziň şertlerimizde maý aýyna çenli sapmak bolýar. Biziň sortlarymyz sapmak ösüntgi çykarmak bilen geçirilende has gowy kabul edilýärler. Kesim/sapmak ýerini ýagyşdan we çygdan goramagy ýatdan çykarmaň! Erikleriň ähli sortlaryny sapmak üçin sapylýan ösümlik üçin ajy erigiň – ýabanynyň kökleri laýyk gelýär. Çereşnýa üçin “Mahaleb” we “Kolt” sortly ülje laýyk gelýär. Olary tapmak kyn däl. Biz çybyklary mugt berýäris. Tiz wagtdan biz sapmak barada gözükdirmäni çap ederis.
Mümkin bolan öndürijilikli tehnologiýalar we syrlar babatynda: Bizde siziň oba-hojalyk önümçiligiňizi ýokarlandyrjak uniwersal tehnologiýalar we usullar ýok. Ýöne aşakdakylar ýaňy başlan bagbanlara kömek eder: 1. Üstünlikli ekerançylyk üçin ähli bar bolan gorlaryň öňünden hasaplanmagy. 2. “Ýer hakynda” kodeksi, Suw kodeksini we eýeçilik görnüşine laýyklykda işiňiziň görnüşini sazlaýan kanunlary bilmek. 3. Gorlary (elektrik energiýasy, suwaryş suwy, gaz we ş.m.) ulanmak baradaky kararlary kabul edýän (biziň kanunçylygymyza laýyklykda) ähli edaralara niýetleriňizi habar bermek. 4. Azyk hoszpsuzlygy we oba-hojalygyň ösüşi pudagynda döwlet syýasaty barada habardarlyk. 5. Maddy hal-ýagdaýy ýokarlandyrmak we önümçilik kuwwatlaryňyzy/plantasiýalaryňyzy ýerleşdirmek islän dolandyryş-çäk birliginde jemgyýetçilik ösüşi boýunça ýerli häkimiýetiň çäreleri barada habardarlyk. 6. Siziň satuwlaryňyzyň nähili bähbitli boljaklygy hakynda deslapky marketing gözlegleri. 7. Ýeri, infrastrukturany, topragy taýýarlamagyň we önümçiligi gurnamagyň dogry we hakyky meýilnamasy. 8. Eger siziň meýdanyňyz uly bolsa we işgärleri hakyna tutmazdan işiň hötdesinden gelip bilmeseňiz, işgärleri okatmagyň meýilnamasy. 9. Ýerine ýetirip boljak işewürlik meýilnamasy. Diňe şundan soň hasyl almak üçin zerur bolan tagallalaryň, maýa goýumlarynyň we wagtyň hakyky göwrümini görüp bilersiňiz.
2017 ýylldan biz insektsidleri, gerbisidleri we beýleki pestisidleri ulanmakdan doly ýüz dönderdik, olaryň ulanylmagy ösümliklere düşmek hoszpy bilen bagly. 2018 ýylyň gyşynda ulanan ýeke-täk pestisidimiz hem gemrijileri ýok etmek üçin ulanan zäherlenen bugdaý däneleri, olary döwlet epidemiologiýa gullugy üpjün edýär. Ýagny, biziň iýmişlerimizde hoszply pestisidleriň yzy hem ýok. Wagtyň geçmegi bilen ýerimiziň kölegesi ýeterlik derejede ulalsa, tebigy ýyrtyjylary we bag üçin peýdaly gemrijileriň bäsdeşlerini ulanmak bilen oňarys diýip umyt edýäris.
Tohumlyk we ekilýän material barada ýygy-ýygydan haýyşlar babatynda: Täsin sortlaryň ýokdygyny sizi ynandyrýarys. Ösdürip ýetişdirende az çykdajy çykaryp köp we gymmatly hasyl berýän iýmiş ýok. Ýapraklaryna derek ýaşyl pullar, miwelere derek tokga altyn ösýän agaç sorty ýok.