на русском

Hormatly 3-DAMJA-ň müşderileri!

Biz öz malinamyzy ýygnap başlaýarys. +99363295000 jaň etmek bilen, siz:

barlygy hakynda bilip

malinanyň indiki tapgyrynyň haçan getiriljekdigi hakynda bilip

getirip bermek hyzmaty bilen malinany sargyt edip

malina deslapky sargydy edip bilersiňiz.

Malinanyň 1 kg gymmaty 190 manat (malina üçin 185 manat, 3 lançik 5 manat).

Siziň we siziň ýakynlaryňyzyň saglygy üçin!

20171117_115717.jpg

Biziň işimiz

Organik bagçylyk boýunça maslahat berme

Miwe bagbançylygy bilen meşgullanmak isleýärsiňizmi? Öz meýilnamalaryňyz hakynda gürrüň beriň we biz siz bilen öz bilimlerimiz bilen bölüşeris.

Ter miweleriň we iýmişleriň getirilmegi

Biz ter malina, smorodina we çereşnýa sargytlary kabul edýäris we işleme boýunça sehiň göwrümine görä öz önümçiligimizi taýýarlaýarys.

Suwaryş we klimat

Siziň meýdançaňyzyň meteorologik maglumatlaryna, topragynyň we suwuň häsiýetlerine esaslanyp biz size suwarma görnüşlerini we ýollaryny kesgitlemeklige kömek ederis.

Ekinleriň saýlanylmagy

Biz ekinler we seleksiýalar babatynda maslahat berýäris. Olaryň kömegi bilen siz üstünlikli ekin ekip we hasyl alyp bilersiňiz.

16


ýyllyk iş

12


ýerli miweli

agaçlaryň

on iki

görnüşini

synamak

25


täze мiweli

ösümlikleriň

synagdan

geçen

25 sorty

55


bonitirowka

şkalasy

boýunça

topragyň

hasyllylygyny

ýokarlan-

dyrmagyň 55

baly

250


suwaryş

suwuny

tygşytlamagyň

250

göterimi

9


şor

topraklarda

we ýokary

minerallaş-
dyrylan suwda

miweli agaçlaryň

9 görnüşini

ösdürip

ýetişdirmek

boýunça

iki ýyl derňeme

Biziň kömekçilerimiz

Atçi

guýy gazyjy

Serdar

guýy gazyjy

Myrat

montažnik

Biziň kömekçilerimiz daýhanlar – Muhammet, Remezan, Maksat, Kadyr, Haýirmammet, Seýithan, Soltan, Abdulnebi, Musa, Ammal, Mobin, Ybraýym we başgalar

Ekologiýa&Co, ABEM, FD Intl. – maslahat we synag

oba hojalyk kompaniýalar

Grundfos, RainBird, Netafim, Shimge – zerur enjamlary

senagat kompaniýalar

Sahetmyrat Grafting

Iň köp berilýän soraglar we jogaplar

Sizde nahal sargyt etse bolýamy?

Ýok. Tohumçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda şeýle işi patent eýeleri we tohumçylyk pudagynda iş alyp barmaklyga ygtyýarnamasy bolan fiziki we hukuk şahslary amala aşyrýarlar (Tohumçylyk hakynda Türkmenistanyň kanuny, 1-nji hem 3-nji maddalar).

Siz nahallaryňyzy nirede aldyňyz?

Biz “Ekologiýa we Ko” şereketi we onuň tohum materialyny girizmeklige ygtyýarnamalary bolan esaslandyryjysy, telekeçisi bilen şertnama baglaşdyk.

Bag hojalygyny abadanlaşdyrmak üçin sizi hakyna tutsa bolarmy?

Biz size ýardam bermeklige şatdyrys. Gynansakda, bizde öz işlerimiziň köplügi sebäpli wagtymyz az.

Biziň işgärlerimizi okadyp bilersiňizmi?

Ýok. Munuň üçin bizde kanuny esas ýok. Ýöne biz beýleki daýhanlar bilen bilelikde internet-portal döretmek isleýäris, ol ýerde biz ýurduň ähli bagbanlary bilen bilimlerimiz, gözegçiliklerimiz, usullarymyz we gazançlarymyz bilen bölüşip bileris.

Öz işiňiz üçin puly nirden aldyňyz?

Biziň birimiz nebit-gaz senagatynda korporasiýada işledi, ol oňuň işi üçin 88 müň ABŞ dollaryny berdi. Mundan soň biziň birimiz Aşgabatdaky öýüni (85 inedördül metr) satdy. Nagt görnüşindäki maýa goýumlaryň umumy möçberi 185 müň dollardan köpdür. Ýöne bu maýanyň örän az bölegidir – biz (eýeler) 2005 ýyldan bäri göni bagda işleýäris. Sähetmyradyň özi 9 ýyl işledi, biz şeýle hem her ýyl kömekçileri hakyna tutýardyk. Bu bolsa has hem köp maýa.

Biziň topragymyza gelip seredip bilersiňizmi?

Höwes bilen, emma biziň wagtymyz juda az. Biz size esasy görkezijiler boýunça topragyňyzy kesgitlemeklige kömek ederis. Şeýle hem ýurdumyzyň niresinde barlagyň geçirilýändigi we siziň ýeriňizdäki orta statistiki klimat barada maglumaty alyp boljak çeşmeler barada maslahat bereris.

Siziň bagyňyza gelse bolýarmy?

Ýok. Biz häzirlikçe gelýän adamlary kabul edip bilmeýäris. Has takyk şu ýerde. — Biz döwlet topragyny kärendesine aldyk we gelýän adamlary kabul edip bilmeýäris. Aşakdakylar sebäpli: Biz önümiň uly göwrümlerine öňünden töleg geçirýän müşderilerimiziň bähbidini saklamaklyga borçlanýarys. Özlerimizde bolsa ne ýaşaýyş jaýymyz, ne-de başga emlägimiz bar. Radik bagda we diňe ikinji ýyl gyşda ýyly otagda ýaşaýar. Sähetmyrat bolsa ýaşaýyş jaýy kärendesine alýar we Nohurda başlanan jaýy ýuwaş-ýuwaşdan gurmak üçin gurluşyk şereketinde goşmaça işleýär. Iň wajyp ýeri, biz mugt hyzmatdan, karzlardan we ýeňilliklerden peýdalanmadyk, maslahatçylaryň we agrotehniki kompaniýalaryň hyzmatyndan peýdalanyp, olaryň işini töledik, tejribämizi we ygtyýarlyklarymyzy özümiz topladyk. Ahyrynda, iň esasy zat – biz kärendesine alýan 17 ga meýdanymyzyň diňe 3.3 ga özleşdirdik. Biziň şertlerimizde ir-iýmişler köp hasyl bermeýärler (şonuň üçin olar adaty miwelere seredende gymmat). Olary ösdürip ýetişdirmek üçin ägirt uly el işi, topraga örän köp maýa goýumlary, topragyň örän köp wagtlyk taýýarlanylmagy we organiki bagbançylyk, seleksiýa, toprak ýöretmek we irrigasiýa barada bilimiň uly göwrümi talap edilýär.

Nädip sizden maslahat alyp bolar?

Biz size internet we telefon üsti bilen maslahat bermeklige çalşarys. Size öwreder ýaly zadyň bardygyna biz sizi ynandyrýarys! Ilki bilen, biz size ýaňy başlan bagbanlaryň biziň şertlerimizde goýberýän adaty ýalňyşlyklaryny GOÝBERMEZLIGE kömek ederis, bu bolsa siziň wagtyňyzyň köp bölegini, tagallalaryňyzy we serişdeleriňizi tygşytlar.

Biziň toparymyz bilen tanyş boluň

Radik Zakirow – esaslandyryjy hem şärik

Sähetmyrat Sahetmyradow – şärik

Wasýa – ýylan tutujy