Hoz ösdürip ýetişdirmek

Hoz ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmaga başlajak bolýan täze bagbanlar köp halatlarda şowsuzlyga uçraýarlar. Hat-da özüniň erjelligi sebäpli eýýäm uly hoz agaçlaryny ösdürip ýetirşdirenlerde hem, hasyl köp wagtlap bolmaýar, bar bolsa hem, uly bolmaýar. Köp halatlarda beýik ösen hoz agajy 13-15 ýyldan başlap hasyl berip başlaýar, ýygy doňýar, kä halatlarda bolsa hat-da ölýär hem. Bar iş bagbanlaryň iýmek üçin hoz alyp we ekip, sadalyk bilen: munuň tiz wagtdan sowuga durnukly däl, şu klimata laýyk gelmeýän görnüşlerden we sortlardan hasyl alyp bolýandygyny çaklaýandyklarynda. Ýerli sowuga durnukly we hasylly görnüşleri gözlemek gerek. Bu birinji.

 

Ikinji. Hoz agaçlary “ýekeleýin” ösmeli däl (bu bolsa erkek jynsly we aýal jynsly agaçlarynyň bardygyny çaklamaýan bagbanlarda duş gelýär), ýogsam olar doly tozanlanmaýarlar.

 

Uly talaplar ilki bilen matoçnyý agaja bildirilýär. Ol sagdyn, sowuk zepersiz, ýaş wagtynda tiz ösýän, ýetişen wagtynda – beýik däl, serenajm bermegi we hasyl ýygnamagy ýeňilleşdirmek üçin, aşak düşüp duran şahaly, tiz miweli, hasylly, hozlaryň salkymda ýerleşmegi bilen, kesellere we zyýan edijilere durnukly, bezegli bolmaly. Şeýle enelik agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin, tiz gögerýän we ýetişýän hozlardan gögeren agaçlar düwünindäki pyntyklaryň görnüşi, ululygy we mukdary, baldajygynyň we şahalarynyň galyňlygy boýunça, gysga we “energiki” wegetatiw döwürli saýlanylýarlar. Gögeren agaçlar bir ýyllyuk agaç gaýtadan ekilenden soňra eýýam bir – üç ýyldan tohum getirmäge başlaýarlar.

 

Gapdal kökleriniň (daşlara) ösüşiniň emeli höweslendirilmegi bilen gibridleriň ekilmegi hasyllylygy bir ýaş basgançagyna ýokarlandyrdy (bäş ýaşly agaç ideal alty ýaşly agajyň berýän hasylyny berýär), ýöne munuň üçin örän ýagly toprak we yzygiderli çyglandyryjy suwaryş talap edilýär.

 

Gyş pasly dowamly, tomus gurak we yssy bolanda, güýz we bahar pasyllarynda bolsa doňaklyklar mümkin bolanda hozuň uzak wagtly gyşa taýýarlanyp ýetişmegi zerur. Şol sebäpli ösümlikleri berkitmek zerur. Hozlary pes temperaturalarda garaňky ýerde, çäklendirilen çyglylykly biraz aşgarlanan gurşawda gögerdýärler we munda gögermeginiň işjeňligi boýunça nusgalary saýlap alýarlar. Bir düýpli ykjam agaçlary emel getirýärler. Tomusyň ikinji ýarymynda suwarmagy azaldýarlar we şol wagtda fosfor-kaliý dökünleri goşýarlar. Awgustda bir ýyllyk ösüntgileri çyrpýarlar we gapdaldan çykýan şahalary aýyrýarlar.

Saýlanylyp geçilen usullara goşmaça hökmünde iýulyň başynda ýokarky pyntyklary çyrpýarlar, tomusky güllemeginden alnan hozlaryň hasylyny aýyrýarlar, her ýylda topraga agaç külüni garçarlar.

 

 

Walnut 1

 

1 – wegetatiw ýokarky pyntyk;

 

2 – ýaprakdüýp (wegetatiw) pyntyk;

 

3 – aýakly pyntyk – hasyl getirýän ösüntginiň düýbi;

 

4 – aýal jynsly agajynda gülli aýal jynsly pyntyk;

 

5 – erkek jynsly agajynda gülli erkek jynsly pyntyk;

 

6 – erkek jynsly agajynda gülli aýal jynsly pyntyk;

 

7 – aýal jynsly agajynda gülli erkek jynsly pyntyk;

 

8 – tomus güllemegiň gülünde erkek jynsly tyçinkaly güller;

 

9 – tozanlandyrylmaga taýýar aýal jynsly güller;

 

10 – gaçan ýaprakly sapmanyň yzy.

 

 

 

Hozuň tiz hasyllylygynyň alamatlary:

 

     ikilenen ýa-da üçlenen boşluk pyntyklaryndan biraz ýokarda aýajyklarda (düwün aralarda) oturan iri tegelekli pyntyklar (sur. 1);

 

     depesinde doly ösmedik gül ýa-da guran krater – onuň yzy (sur. 2);

 

     tomusky güllemeden galan yzyň ýanynda, depede erkek we aýal jynsly gül pyntygy (sur. 2, orun 1 we 2);

 

     gögeren agajyň iki tolkunynyň yzy – pyntyklarynyň görnüşi bilen hem tapawutlanýan, ösüntgi we miwe berýän baldagyň gabygynyň ýetişmeginiň serhediniň baldajykda bolmagy (sur. 2, orun 5);

 

     şahalanan ýa-da “penjeli” kök (emma 15 sm çenli uly bolmadyk baldak köküniň bolmagy tiz miwesizligiň alamaty bolup durmaýar).

 

 

Walnut 2

 

Çep tarapda – erkek jynslyu nusga, sag tarapda – aýal jynsly nusga

 

 

 

1 – birinji erkek jynsly gül pyntygy (gyşlaýan);

 

2 – birinji aýal jynsly gül pyntygy (gyşlaýan);

 

3 – krater – (tomusky güllemeden galan yz);

 

4 – aýajykdaky pyntyk (hasyl berýän baldagyň başlangyjy);

 

5 – ösüşiň iki tolkunynyň

 

;

 

6 – ornuny tutma pyntyklary;

 

7 – “käşirjik”;

 

8 – baldak köki;

 

9 – kök agzy;

 

10 – gapdal kese kökler.

 

 

Ikinji ýylda tiz miwe berýän gögeren agajyň şahalary depeden aşakdaky iki-üç pyntykdan ösýärler. Şahalanma bolýar. Şahalaryň esasynda ýönekeý ýapraklaryň adatdakydan az sanly ýelek görnüşli ýapraklar döreýärler (2, 3, 5) – miwe berýän şahanyň alamaty. Şahalaryň biri öňe çykyp bilýär. bu şahalarda ýaz ýa-d tomus pasyllarynda aýal jynsly güljagazlaryň gülleri açylar we tozanjyklar bolan ýagdaýynda (hozuň golaýdaky uly agaçlaryndan) birinji hozlar düwer. Ýeke gögerek agaçlar tozanlandyrylmadyk bolarlar, bu güller agaçlanan baldaklarda yz galdyryp, dökülýärler.

Walnut 3

 

Tiz miweli gögeren agaç diňe tomusda (geljekde) 150 sm çenli ösüp bilýän, tiz miwe berýän şahalar bilen wegetirleýär.

 

Ikinji ýylyň güýz paslynda iki ýyllyklaryň depesinde gyşda wegetatik pyntyklar gelýär – gofrirlenen, konus şekilli, aşak goýberilen teňňejikler bilen (sur. 1, orun 1).

 

Şahalaryň ýokarky böleginde, düwün aralarda, boşluklardan birnäçe millimetr ýokarda aýajyklarda iri pyntyklar oturýar. Boşluklaryň ýerine ýa-da olaryň üstünde ok görnüşli 9 fasetkaly üsti bolan, iri erkek jynsly gül pyntyklary bolup bilýärler. Olar nahallaryň özbaşdak miwe bermeginiň başlanmagynyň alamaty bolup hyzmat edýärler. Olaryň ýerine ýa-da olaryň ýanynda şar görnüşli gapdal reproduktiw (aýal jynsly) pyntyklar görünýär (sur. 1, orun 2). Sapaga golaý boşlukly pyntyklar iň ownuk, ýasy, olaryň üstünde oturan pyntyklar sowuk bilen ýazda zeperlenen ýagdaýynda oýanýarlar (olary dubirleýärler).

 

Eger-de hozuň iki ýaşly gögeren agajyň ösüşiň dört tolkunynyň yzy bolman, diňe ýasylanan boşluk pyntyklary bolsa, onuň miwe bermegi diňe ýedinji we ondan soňky ýyllarda mümkin. Ýöne, eger-de bu – gibrid bolsa, onda agaç pes boýlulygyny we penje güllerini saklar, hasyllylyk bolsa, soňra miwe bermegiň başlanmagynyň biraz gijä galmagynyň öwezini dolar.

 

Ýyllaryň geçmegi bilen tiz miwe berýän hoz agajyny ýogyn, ýalaňaç, gara lakly şahalary bilen tapawutlandyryp bolýar. Olarda ýapraklaryň iri şapkalary bolýar, içinde kiçiräjik alma ölçegde miwe haltada hozlaryň açyk reňkli salkymlary görünýär.

 

Hoz – bir öýli şemal bilen tozanlandyrylýan, garşylyklaýyn tozanlandyrylmaga we (bölekleýin) uly ýaşda öz-özüni tozanlandyrýan ösümlik. Agaçlaryň köpüsinde birinji ýyllarda güllände diňe aýal jynsly güller (ýaz we tomus pasyllarynda) bolýarlar, erkek jynsly güller bir-iki ýyl gijiräk çykýar. Ýaz paslynda erkek we aýal jynsly gülleriň bir agaçda güllemegi köp halatlarda deň gelmeýär. Erkek jynsly ösümlikler birinji bolup syrgalaryny – tyçinkaly (erkek jynsly) güllerini goýberýärler, olar bitende “tozanlaýarlar” we düşýärler.

 

Aýal jynsly agaçlar birinji bolup aýal jynsly gülleri tozanlanmaga taýýarlaýarlar – pestigiň ýüzüniň iki-üç murtjagazy bolan hozlaryň düwünjekleri. Erkek jynsly agaçlar aýal jynsly agaçlary tozanlandyrýarlar. Bir hepde geçenden soňra ähli zat tersine tertipde bolup geçýär: aýal jynsly agaçlar özüniň gijiräk goýberilen syurgjyklary bilen erkek jynsly agaçlaryň aýal gjynsly güllerini tozanlandyrýarlar. Erkek jynsly agaçlar indi aýal jynslylar bilen tozanlandyrylýarlar.

 

Uly ýaşly (6 ýaşdan ýokary) agaçlar köp derejede öz-özüni tozanlandyrýarlar, emma garşylyklaýyn tozanlandyrylýanlaryň hasyllylygy – ýokary bolýar.

 

Gijiräk, tomus paslynda, tiz miweli hoz gaýtadan tomusky güllemegiň bir wagtda aýal, erkek jynsly we garyşyk görnüşli penjeli gülleri bilen gülleýär. Şol sebäpli, tomusky gülleme öz-özünden miwe berýär. Ýöne, ol adatça “ýazky” hasyla diňe 10% goşmaça berýär.

 

Hasyllylygy ýokarlandyrmak üçin bagda iki agajy – erkek jynsly we aýal jynsly agaçlary bir-birinden 5-15 m aralykda ekmek gowy bolar. Erkek jynsly we aýal jynsly gögeren agaçlary güllän wagtynda tapawutlandyrmak (saýlamak) ýönekeý we ygtybarly bolýar. Ýöne gögeren şahalaryň (tiz miwe berýän) köpüsi 3-4 ýaşdan başlap gülleýärler. Bu pitomnikde meýdany talap edýär we güllemezden öň jynsyň daşky häsiýetli alamatlaryny gözlemäge mejbur edip, ekişi kynlaşdyrýar.

 

Aýal jynsly agaçlar pyntyk emel getirmegi ir başlaýarla we tamamlaýarlar. Olarda ösüş prosesleri agaçlanmak bilen ir çalşýarlar. Bu şahalaryň galyň ýagly, gara-ýaşyl tekiz depeleri, mumly kümüşsöw örtükli, tekelek gapdal pyntykly we gysga düwün aralary boýunça görünýär. Erkek jynsly nusgalar, tersine, ýalpyldysyz düwür-düwür üstli uzaldylan-inçe açyk ýaşyl üstli gabygy bilen tapawutlanýarlar.

 

Erkek jynsly gül pyntyklary ýüze çykan wagtynda, güllemezden öň ekilen pursatynda gögeren agajyň jynsyny kesgitlemek düýbünden kynçylyk döretmez. Eger-de gögeren agaçdaky erkek jynsly gül pyntyklary iri (5-8 mm), konus şekilli çüňkli görnüşli bolsalar, olary köpüsi onda baldaga göniburç bilen, kä halatlarda birnäçesi bilelikde otursa, açyk reňkli agaçlar – erkek jynsly agaç. Eger-de gögeren agaçdaky erkek jynsly pyntyklar inçe ýa-da ownuk (2-3 mm), şarjagaz ýaly, ýapyk, güýzde we ýazda gara reňkli diýen ýaly (kä halatlarda ýapýan teňňejiklerde gizlenen) bolsalar, ownuk fasetkaly üstli we damja görnüşli şekilli, baldaga ýiti burçda otursalar – bu aýal jynsly agaç.

 

Kä halatlarda seleksionerler – hoz ekýänçiler aýal jynsly (miweli) gülleriň ösmeginiň derejesine görä aýal jynsly agaçlary matoçnyý erkek jynsly gülleriň tozany bilen, we erkek jynsly agaçlary matoçnyý aýal jynsly gülleriň tozany bilen emeli tozanlandyrylmagyny geçirýärler. Munuň üçin gury ýuwaş howada seresaplylyk bilen, tozanyny gaçyrmazlyk üçin, birnäçe ýetişen syrgalary aýyrýarlar we olary kapron haltajykly çeňňek agajyna asylan – tor haltajygyna asyp goýýarlar. Ony beýleki agajyň tozanlandyrylmaga taýýar aýal jynsly güllerine şemally tarapdan getirýärler, çeňňek agajyna biraz kakýarlar we ähli güllerden aýlanyp geçip, onuň ýokary başyna geçirýärler. Mundan haltajygy ýakyn getirmek gerek bolmaýar, sebäbi, aşa tozanlandyrmak düwünleriň dökülmegine getirer.

 

Hozuň syrgalary açyk teňňejikleriň içinde sary tozanly haltajyklar görnende we gül aýajygyna ýeňillik bilen kakylanda syrgajyk sary reňkli tozan bilen “tüsselände”, aýal jynsly hoz gülleri bolsa tozanlandyrylmaga taýýar bolanda, pestigiň ýüzüniň murtjagazlary 90º köp burça açylanda we pestigiň mäzli kirpikleri ýykylyp başlanmazyndan öň tozanlanyp bilýän wagtynda emeli tozanlandyrylmagy üçin ýaramly bolýar.

 

Hozyň syrgajyklardaky tozany eger-de olar (10-15 sany) arassa aýna banka salnyp, sellofan (ýöne polietilen däl!) bilen ýapylyp we birnäçe günlük sowadyja salnanda gowy saklanýarlar.

Çaknyşdyrylanda aýal jynsly güller pagta dolanyp, izolirlenýärler, rezin armytly şprisiň kömegi bilen bolsa tozanlandyrmak bolýar.