Ýer işlemek maksatlary üçin meýdançany saýlamak: seredip geçmek üçin 7 sany örän wajyp faktorlar

Ekerançylyga bolan gyzyklanma artýar we ýer bu babatda iň wajyp nokat bolup durýar. Şonuň üçin oba hojalyk maksatlaryny amala aşyrmak üçin meýdançany saýlamak daýhan üçin durmuş taýdan wajyp bolup durýar.

Siziň oba hojalyk üçin ýeri almak isleýän wagtyňyza garamak üçin biz örän wajyp pursatlary ýa-da işläp taýýarlanan faktorlary hödürleýäris.

Ilki bilen, biziň garaýşymyzça ýeri almak hakynda ähli pikirleriň esasy bolup durýan oba hojalygyň umumy kesgitlemesini görkezmek isleýäris. Esasan hem adamyň iýmegi üçin iýmit önümlerini öndürmegiň oba hojalyk ekinlerini ösdürmegiň we galla ekinlerini ýetişdirmegiň  oba hojalygyny.

Indi bolsa, ekerançylyk maksatlary üçin ýer bölegi saýlananda göz öňünde tutulmaly bentlere seredeliň.

1.  Howa faktorlary

Şeýlelikde, biz ygal, çyglylyk, basyş we ýeliň ugruny, temperaturany we ş.m. göz öňünde tutýarys. Bu faktorlar siziň saýlaýan oba hojalyk ekinleri ýa-da maldarçylyk boýunça daýhançylyk işiňiz üçin oňaýly bolmalydyr. Ekinleriň dürli görnüşleri belli bir howa şertlerine gabat gelýär, maldarçylyk hem şeýle. Şonuň üçin siziň daýhan hojalygyňyzyň ösüşine ýardam etjek faktorlary göz öňünde tutmaly we ýardam bermejeklerinden hem gaça durmak wajypdyr.

2.  Durmuş-ykdysady faktorlar

Bu faktorlar öz içine infrastrukturany, ilaty, ilatly ýerleri, bazary, zähmeti we beýlekileri alýar. Infrastruktura öz içine ýollary, elektrik energiýany, suwy, telekommunkasiýany, saglyk edaralaryny, polisiýa bölümini we ş.m. alýar. Bu serişdeleriň barlygy guş fabrikasy ýaly edarany ýerleşdirmeklige mümkinçilik berýär. Emma şäher şäher nokadyna ýakynlygy ony peýdasyz edip biler. Ýene mysallaryň biri saglyk edaralaryny we degişlilikde polisiýanyň bolmagyny talap etjek hoszpsuzlyk we saglykdyr. Size fermaňyza ýakyn bazar we elýeter zähmet zerur bolup biler. Durmuş-ykdysady faktorlaryň ählisini barlygynda ýa-da ýoklugynda ýa-da utgaşmasynda fermanyň peýdalylygyna baha bermek üçin pikirleri we barlaglary içgin oýlanmalydyr.

3.  Edafiki faktorlar

Olar topragyň gurluş, hasyllylyk, tekstura, öýjüklik, düzüm we ş.m. şertleri bilen baglydyr. Bu toprak faktorlary oba hojalyk ekinleri ýa-da maldarçylyk boýunça laýyk oba hojalyk edaralary kesgitleýär. Palçykly toprakly ýerler balyk hojalygy üçin ýaramly bolup biler, şol bir wagtda ähli beýleki faktorlar oňaýlydyr.  Käbir ýerler suw almak we/ýa-da eroziýa duçardyr. Bu ýerler siziň serişdelerine baglylykda girdejili fermany, meselem ýalyk hojalygy döretmek üçin dolandyrylyp biliner. Emma bakja ekinleri we tokaýçylygy ýaly oba hojalyk ekinlerini göz öňünde tutmak bilen, ekinlere oňaýsyz täsir etjek ýerlerinden gaça duruň.

4.  Ekologiki faktorlary

Siziň oba hojalyk amallaryňyz daşky gurşawa ýaramaz täsir etmeli däldir. Oba hojalyk işleriniň käbir görnüşleri adamlara ýa-da haýwanlara täsir edende ýaramaz  bolup biler. Adatça bu, fermalar şähere ýakyn bolanda bolup geçýär. Beýleki tarapdan, daşky gurşaw hem siziň fermaňyza önümçiligi peseletmek bilen ýaramaz täsir edip biler. Käbir fermalar süýşmeli ýa-da üýtgemeli bolýar, şäher ösüp, olaryň yzyndan ýetýär. Şonuň üçin oba hojalygyny amala aşyrmak üçin meýdan saýlananda bu faktory göz öňünde tutmak zerurdyr.

5.  Hökümetiň syýasaty

Dürli hökümetler olara oba hojalygynda ösüşi gazanmaklyga ýardam berýäm syýasaty alyp barýarlar. Syýasaty amal etmekden bähbit getirip biljek ýerde öz fermaňyzy gurmaklygy meýilleşdirip, ondan peýdalanyň. Meselem, hökümet ýurduň belli bir etrabynda ýa-da zolagynda fermalara salgytlaryň azalmagy hakynda çözgüt kabul edip biler. Mundan başga-da hökümet ýurduň belli bir böleklerinde kömek dökünlerini we beýleki ekerançylyk komponentlerini bermekligi köpeldip biler. Siz ondan peýdalanmak üçin fermany şeýle ýerlerde gurup bilersiňiz. Siz oba hojalygy alyp barmagyň maksatlary üçin öz meýdançaňyzy saýlanyňyzda hökümetiň syýasatyny göz öňünde tutmalysyňyz.

6.  Biotiki faktorlar

Bu käbir zyýanly we peýdaly organizmalryň barlygy ýa-da ýoklugy bilen baglydyr. Oba hojalygy amala aşyrylanda meýdança saýlananda siz arylar we beýleki tozanlandyryjylar ýaly käbir organizmleriniň tebigy populýasiýasyna we zyýankeş we kesel dörediji organizmleriniň azlygyna seredip bilersiňiz. Daýhan hojalygy öz içine tokaý hojalygyny alan ýagdaýynda tokaý zolaklaryndaky oba hojalygyň örisi ileri tutulýar. Emma zyýankeşleriň we keselleriň uzyn taryhy bolan ýerlerinden gaça durup bolýar. Mundan başga-da gözegçiligi kyn bolan, agdyklyk edýän kesgitli haşal otlary bolan meýdançany saýlamakda seresap bolmalysyňyz.

7.  Ykdysady faktorlar

Eger siziň oba hojalyk işiňiz güllemegini isleseňiz, onda bu faktoryň garalmagy örän wajypdyr. Ol öz içine bahany, ýeňilligi we kärende şertlerini ýa-da satyn almany alýar.  Size fermaňyzy goldamak üçin ýeterlik girdejini berjekdigine göz ýetirmek üçin meýdançanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny geçirmek zerurdyr. Bu ähli beýleki faktorlary göz öňünde tutmak bilen size aňryçäk itergini berjek meýdança, size meýdança saýlananda has gowy düşünjäni we has aýdyň pikiri berer,

Jemleme

Meýdança laýyk oba hojalyk işini kesgitläp hem biler we tersinede bolup biler. Öz fermaňyza meýdança ýa-da öz meýdançaňyz üçin laýyk kärhana  babatynda karar kabul etmezden ozal ähli bar bolan bilimleri ulanyň.