Telekeçi-dostlarymyz, siziň soraglaryňyzyň köpüsi biziň ýerli resurslarymyzda, ýerli oba hojalyk önümlerimiz daşky bazara satylsa, gowy peýda gazanyp bolýar diýlen pikir bilen baglanyşykly… Meniň pikirime, bu habarsyzlylykda esaslanan örän zyýanly ýalňyş pikir. Ine-de onuň sebäpleri:

1. Resurslar:

a) Klimat – köp iýmit medeniýetleri ösdürmek üçin laýyk gelmeýär. TEMPERATURA WE ÇYGLYLYK – Biziň ýurdumyzyň örän kontinental görnüşli klimaty bar, onda ýylyň ähli pasyllarynda temperaturalaryň gije-gündizlik üýtgemegi ýygy ýagdaýlarda 20 gradusa  gola, we has seýerek bolmadyk ýagdaýlarda 25 gradus Selsiýden hem ýokary bolýar (ösümlikleriň göreşýän stressi örän güýçli).

b) Topraklar – çölde arryk, hem-de dag etekleriniň we kanallar we derýalar blen suwarylýan açyk meýdanlaryň toýuny we palçygy kök ulgamynyň ösmegi üçin örän agyr. Şorlaşma soňky 25 ýylyň içinde ekologik heläkçiligiň göwrümlerine eýe boldy. Aglaba böleginde, biziň oba hojalyk meýdanlarymyzyň resurs hökmünde hiç hili gymmatlygy ýok, sebäbi önümiň üstünlikli öndürilmegi we topragyň häsiýetleriniň saklanylmagy üçin örän uly harajatlar talap edilýär.

ç) Seleksiýa – oba hojalygyň bu düýpli wajyp nukdaýnazary düýbünden taşlanylan. Alymlaryň üstünde ýarym asyrdan hem köp wagtyň dowamynda işlän, Türkmenistan üçin sortlaryny we görnüşlerini çykarmak we uýgunlaşdyrmak işleri ýitirilen. (Sortly ekiş materialyň durnukly arassalygy we hili üçin senagat göwrüminde her ýyllyk çäreler talap edilýär; bizde bu barada asla eştmändiler öýdýän). Şol sebäpli, islendik medeniýetler ösdürilende, oba hojalykçylaryň her biri näbelli we synag edilmedik sortlara serişdelerini harçlamaga we hususan getirilýän sortlaryň aýratynlyklary, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän nahallar bilen gelýän wiruslardan we kömeleklerden başlap mör-möjeklere çenli, täze zyýan edijileriň ägirt uly mukdary bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri ýeňip geçmäge we olaryň öňüni almaga serişdeleri goýmaga mejbur bolýarlar. Şeýle zyýan edijileriň biziň şertlerimizde heniz barlanylmadyk; öwrenilmedik patogenez gürrüňsiz ösümlikleri goramaga edilýän harajatlary birnäçe esse we netijesiz artmagyna getirýär. Bu hem, öz gezeginde, önümiň hilinde öz beýanyny tapyp, onuň daşky bazardaky bäsdeşligini peseldýär.

d) Ygtyýarlylyk – oba hojalyk işi üçinylmy maglumat binýadyň dolulygyna ýoklugy. Eýýam ikinji ýylynda diňe bir harjatlaryň üstüni ýapýan däl-de, eýsem peýda hem berýän, hasyl berýän ajaýyp maňyz agajy, badam we şänikli miweli medeniýetler baradaky ertekiler – degişli edaralarda karzlaşdyrmagyň we hususy oba hojalyk önümçiligini ösdürmegiň ýörelgesini döreden adamlar meni haýrana galdyrýar. Iki sözde aýdanyňda, ol üstünlikli oba hojalyk önümçiligi üçin diňe (1) telekeçilik; (2) pul serideleri; (3) ýerleriň paýlanmagy talap edilýädiginde jemlenýär. Bu babatynda biziň hökümetimiziň ykdysady institutlaryna maslahat berenler – jenaýatçylar. Olar sebäpli, biz wagtymyzy, ygtyýarlyklarymyzy, döwlet býujetiniň serişdelerini we iň gymmatly bolan resursy – topragy ýitirýäris, ol bolsa olaryň işinden öň önümçilik üçin beýle harajatly däldi! Olaryň işinden soň bolsa, diňe ony dikeltmek üçin azyndan 5 ýyl, we ägirt uly serişdeler zerur bolýar!..

e) Irrigasiýa üçin suw – 1992-nji ýyldan bäri bütin döwrüň içinde bize SSSR-den miras galan melioratiw hojalygyň taşlanandygy sebäpli, biziň iň wajyp strategik emlägimiz – süýji suwuň ägirt uly ätiýaçlygy, şol güýçdäki nälet bolup durýar. Hudaýa şükür, garaşsyzlygymyzyň ähli wagtynda, ýurdumyzyň ýokary häkimiýeti uly göwrümli ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik beren esasy, binýatlaýyn çözgütleri kabul edýärdi (sowmalaryň we Türkmen kölüniň gurulmagy). Emma, ähli derejelerdäki oba hojalyk meýdanlary hökmünde hasaba alnan ýerlerde ulanyjylaryň bölünmegi geçirilýär, olar bolsa aýratyn alnan, landşaft şertleri bilen aýrybaşgalanan ýerlerde suwarmak we DRENIRLEMEK bilelikdäki, bir wagtdaky we utgaşdyrylan işleri geçirmezden, olaryň ýerleriniň şahsy tagallaryna we serişdelerine bagly bolmazdan, ýaramsyz boljakdygy barada habarsyz. Şu günki günde ýurtda hökümet bilen şeýle çäreleri meýilleşdirmegiň we geçirmegiň hem-de olary bellemegiň institutlary we ýerine ýetirijileri ýok.

ä) Aýratyn resurs – agrarizm we oba hojalyk işini bilelikde, jemgyýetçilikli ýöretmegiň adaty, diňe şeýle usulyň biziň şertlerimizde ätiýaçlyklary ygtybarly we netijeli ulanmaga, we olary saklamaga mümkinçilik berýändigine seretmezden, emeli usulda gysylyp çykarylýar. Bu biziň ýurdumyzda oba hojalygyny ýöretmegiň ýeketäk laýyk gelýän usuly (ol alymlar tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy we ylmy-önümçilik institutlarynda we olaryň bütin Orta Aziýada we aşaky Powolžýede – gurak klimatyň bar ýerlerindäki oba hojalyk bazalarynda synag edildi), bitewi hojalyk ýöretmek bilen öň bolan, häzirki wagtda bar we geljekde hem boljak usul. Bu usul ýeri oba hojalyk önümçiligini jemgyýetçilikli ýöretmekde esaslanan. Ol biziň çarwadar ata-babalarymyzyň müýyllyk tejribesi bilen eýýäm ýonulan, we ylmy üstünlikler diňe onuň netijeliligini ýokarlandyryp biler, emma onuň ornuny tutup bilmez.

f(!) Işçi güýji – ABŞ-da “bilim alan” we şol ýurduň oba hojalygyny bize mysal getirýän täze döreýän ykdysatçy-maslahatçylar, bize, mysal üçin, Tehas ştatynyň “üstünlikli” oba hojalygynyň ilki bilen Meksikadan gelen zähmet migrantlarynyň az tölegli işinde esaslanýandygyny bize aýtmaýarlar. Olaryň ykdysady çyzgysy hem arzan bahaly işçi güýçüniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Emma şeýle resursy döretmek üçin olar bize biraz başga-ça ssenariýi teklip edýärler – özümiziň raýatlarymyzy-oba hojalyk ýerleriniň ýaşaýjylaryny garyplaşdyrmak. Emma olar bize nähili ýagdaýda biziň döwletimiziň ilatyň garyplaşan gatlaklaryny olaryň çygryndan gelip çykan baýlara işlemäge mejbu edip, şol bir wagtda hem rahatlygyny we parahatçylygy saklap biljekdigini düşündirmeýärler. Ýurduň kemsidilen, aç we işsiz raýaty bilen goňşy ýurduň terrorçysynyň arasynda nähili tapawut bar? Meniň pikirimçe, birinçisi has hoszply – 90-njy ýyllaryň başynda Täjigistanda biri-birini gyryş usuşynyň sebäbi, birlikde, birnäçe ýylyň içinde şu ýurduň obalarynyň işe ukyply ilatynyň 65%-den köp bölegi garyplaşdy we işini  ýitirdi. Biz – Meksika däl! Biziň atalarymyz, garry atalarymyz we ene-atalarymyz kä halatlarda biziň ykdysady güllemegimizi gurmak üçin aç galýardylar – geçmişi nähili ýamanlasaň hem, syýasy gurluş nähili nädogry bolsa hem, muny hiç hili üýtgedip bolmaýar. Hiç hili wagyz nesihatlaryň, hökümetiň we puluň güýji biziň halkyň aýratyn wekilleri däl-de, halkdygymyzyň hakykatyny üýtgedip bilmez, şu gün biz tebigy resurslaryň we infrastrukturanyň eýeleri bolup durýarys. Sözi gelende aýtsak, biz häzirki wagta çenli telekeçileriň hususy baýlaşmagy üçin pul karz alýan gaznasyna salgyt töleýäris.

 

2. Oba hojalygyny ýöretmegiň ykdysady maksadalaýyklygy – ýerlemek:

a) Daşky bazar – soňky wagtyň iň üýtgeşik hadysasy, bu biziň telekeçilerimiziň oba hojalyk önümlerini daşy bazara satyp, daşary ýurt pullaryny gazanyp biljekdigi barada mukaddes arzuwy. Ol ýerde olara kim garaşýar? Ol ýerde artykmaçlyk we eýýam on ýyllyklar bäri önüm getirýän we milli häkimiýetlerde hem-de halkara korporasiýalarda öz bähbitlerini lobbirleýän öndürijiler bilen ylalaşyklar bar.

b) Hil we özüne düşýän gymmaty – eger-de önümçilige edilýän harajatlar ýokary we töwekgelçilikli bolsa, biz nähili görnüşde ýokary hili we pes özüne düşýän gymmaty gazanyp bileris? Bizde Türkmenistanda, mysal üçin, badamyň, daşky bazarda satylmagyny kepillendirmek üçin, bir kilogramynyň özüne düşýän gymmaty 15 manatdan ýokary bolmaly däl, biziň hususy bazarymyzda bolsa onuň bir kilogram üçin bahasy 160 manat!

ç) Sargytlar we töleg – oba hojalyk iýmit önüminiň dürlüliginiň uly bölegi üçin tölegleriň we bahanyň ulgamy ekologik we syýasy nukdaýnazarlaryň üstünden gözegçilik etmek bilen baglanyşykly. Mysal üçin, ABŞ soňky administrasiýasynyň syýasaty sebäpli, Awstraliýanyň iýmit önümleriniň öndürijileri 2018-nji ýylda peýdanyň 20% golaýyny ýitirdiler (mysal üçin, badamyň bahasy tonnasyna 6700 ABŞ dollardan 5400-e çenli aşak düşdi). Olar ümsüm otyrlar. Kim siziň önümçiligiňiz we peýdaňyz barada alada eder, daşky azyk bazaryndaky ägirtleriň haýsysy siziň düşewüntligiňiz barada gyzyklanar? Ilki bilen şeýle taraplary gözläň, soňra bolsa satuwlary nähili bahalardan, nirä we nähili derejede ygtybarly satuwlary meýilleşdirmek barada pikir ediň.

3. Syýasy we syýasy ykdysady faktorlar – soňky wagtlarda onuň täsirine öňki SSSR ähli ýurtlary tarapyndan düýbünden üns berilmeýär. RF heniz jemgyýet we ýurt üçin bähbitli bolan öz pikirlerini ýerine ýetiriji häkimiýete ýetirmäge ýagdaýly bolan, agrariýleriň synpy bar, ýöne başga hiç ýerde şeýle depginler ýok. Biziň ýurtlarymyzda, 90-njy ýyllarda syýasat medeniýetiniň ýabanylaşmagy sebäpli, sarp ediş mentaliteti bazaryň “liberallaşmagyna” ýol açdy, we biz tiz gazanjyň pidasyna goýup, ykdysadyýetiň, oba hojalyk önümçiliginiň we ýönekeý akylly-başlylygyň tebigy ryçaglaryny düýbünden ýatdan çykardyk. Hususy ykdysady gurplulyga baha bermek üçin tiz gazanjy etalon derejesine galdyrdyk.

Emma oba hojalyk işewürliginiň liberallaşmagynyň tapgyryny “üstünlikli” geçen, ähli ösüp barýan ýurtlaryň taryhy öwrenmegiňizi haýyş edýärin – siz örän geň galarsyňyz!

Mysal üçin, Efiopiýada liberallaşmak örän seýrek resurslaryň indi Bütindünýä Bankyň esasy goýumçylarynyň peýdasyna işlemegine hyzmat etdi, hökümet bolsa liberallaşmagyň we daşky azyk bazaryna çykmagyň çäklerinde oba hojalygyň ösüş maksatnamalary bilen olara berlen ýerlerden içerki emigrantlary (öz raýatlaryny) göçürmek we olaryň hususy lagerlerini döretmek bilen meşgullanýar. Şeýle hem, häkimiýet kazyýetler we ýyl kesilen närazylar üçin täze türmeleri gurmak bilen, köpçülikleýin garşylyklary basmak bilen meşgullanýar. Täze ýerlerde Bütindünýä Bankyň belleýän nyrhlary boýunç (arzan) eýýam daşary ýurtlara satylýan däne ösdürilip ýetişdirilýär. Özi hem bu Efiopiýanyň öz halkynyň aç wagtynda bolýar. Şol bir wagtda, häkimiýet her ýyl aç galýanlara kömek üçin ýüz tutup… hemaýatkärlik kömegi hökmünde däne alýarlar. 

 

Eger-de siz öz önümiňizi daşky bazara satmagy meýilleşdirýän bolsaňyz, aşakdakylary edip biljekdigiňize hiç hili umyt etmäň:

(1)önümçilik prosesini dolandyrmak;

(2)daşky bazara önümi özüň teklip etmek;

(3)düşewüntliligi we peýdany çaklamak;

(4)daşky bazarda oba hojalyk önümleriniň önümçiligine, hiline we sertifikasiýasyna bildirilýän talaplara ýetişmek.

Oba hojalyk önümçiliginde gyzyklanýan telekeçi-dostarym, ine meniň size maslahatlarym:

1.     Hususy bazardaky zerurlygy we satyn alyjylyk ukyplylygy öwreniň we umuman öz halkymyzyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gatnaşyň.

2.     Oba hojalyk önümçiligi üçin hususy ylmy binýadyň ösdürilmegine tagallalary we serişdeleri goýuň.

3.     Öz işgärleriňiziň ygtyýarlyklaryny ýokarlandyrmaga tagallalary we serişdeleri goýuň.

4.     Ýerli ilatyň bähbitlerini hasaba almak bilen işewürlik-meýilnamasyny guruň, we bitewi oba hojalyk işini dowam etmek ýoly bilen, siziň medenileşdirýän meýdanlaryňyzyň ýerleşýän ýerlerindäki ilatyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin çärelere gatnaşyň.

 

Diňe şeýle hereketleriň netijesinde biz hususy resurslarymyzy saklap we gowlandyryp, hususy azyk bazarymyzy gurup, we daşky bazara çykmak üçin dogry ýörelgäni işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän tejribäni alyp bileris.